× EsasyBiz BaradaKatalogGalereýaHabarlaşmak
EN RU

Biz barada

“Türkmen Senet” hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýylda döredildi, şondan bäri köp sanly desgalary Ahal welaýatynda 70 orunlyk çagalar bagyny, 1500 orunlyk stadiony we Tejendäki 500 orunlyk medeniýet öýi, şeýle hem Täze Zaman ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurdy. Daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek maksady bilen 2019-nji ýylda “Türkmen Senet” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda daşary ýurtdan getirilen enjamlar toplumy bilen enjamlaşdyrylan önümçilik binasynda gözel diýarymyzda ilkinji bolup SPANBOND ýagny dokalmadyk mata önümçiligini ýola goýdy. “Türkmen Senet” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli “Ýylyň öňde baryjy işewüri” atly bäsleşiginiň “Ýylyň täze önüm öndürijisi” ugry boýunça III orna mynasyp boldy. Dünýäniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hojalyk jemgyýetimiziň önümçilik sehlerinde öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Biziň hilimiz diňe Türkmenistanyň hil standartlaryna laýyk gelmän eýsem halkara hil standartlaryna laýyk gelip 2021 nji ýylda ISO 9001:2015 - hil menejmenti sertifikatyny aldyk. Spanbond matasy ekologiki taýdan arassalygy, ýokary hilliligi, halkara ölçeglerine laýyk gelýänligi we bäsleşige ukyplylygy bilen tapawutlanyp, uly islegden peýdalanýar we ol islegleri doly kanagatlandyrmaga ukyplydyr.
Hormatly Arkadagymyzyň “ýokanç keselleriň öňüni almak we СOVID 19 epidemiýa garşy göreşmek” baradaky tabşyrygyna eýerip Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky “SAGLYK” derman kärhanasyny gerekli bolan bir gezeklik örtük, bir gezeklik lukmançylyk halat, bir gezeklik lukmançylyk kombinzonlary öndürmeklik üçin gerek bolan spanbond matasy bilen üpjün edildi. Türkmen senet hojalyk jemgyýetiniň öndürýän spanbond matasy dine lukmançylyk pudagynda ulanylman eýsem :
- Kosmetolgiýa we şahsy gigiýeniki önümlereinde
- Gurluşykda – gidroizolýasiýa, wetroizolýasiýa,
- Oba hojalykda- ýyladyşhanalarda,
- Ýeňil senagatda, dürli görnüşli torbalar öndürmekde we başga-da talap edilen pudaklaryndada giňden ulanylýar.

Önümçilik

"Türkmen Senet", dokalmadyk SPANBOND matasyny halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli enjamlarda öndürýär. Öndüriýän önümimiziň ekologiki taýdan arassalygyny we dykyzlygyny saklamaklyk üçin biz önümçilik tehnologiýasyna örän uly üns berýäris. Häzirki wagtda önümçilikde spandbondyň tebigy, ak, gök, goňur, goýy ak, sary, mämişi, ýaşyl we başga-da köp reňkleri bar.
Önümçilik kuwwatymyz ýylda 8 müň tonna SPANBOND öndürmek mümkinçiligimiz bar. Şeýle hem bu köpugurly materialdan dürli önümleriň önümçiligini ýola goýduk:
• Aýry-aýry gorag üçin bir gezeklik eşikler - dykyzlygy 17 g/m2 -den 80 g/m2 çenli eşikler, geýimler, aýakgap örtükleri;
Eko torbalar we paketler - 3 görnüş: Logotip ulanmak mümkinçiligi bilen dürli reňklerde we ululykda 30 g/m2-den 100 g/m2 dykyzlykdaky kesilen we aýlawly tutawaçly;
• Ulag oturgyçlary üçin bir gezeklik kellediregleri - dykyzlygy 30 g/m2-den 100 g/m2 dürli reňklerde we ululykda logotip ulanmak mümkinçiligi bilen;
• El önümleri - dürli görnüşli we ululykdaky örtükler, gurnaýjylar, halatlar;
• SPANBOND perfirirlenen we dilimlenen; dilimiň minimum ini 2,5 sm, perforasiýanyň minimum uzynlygy 10 sm.

Toparymyz

Biziň işgär sanaw düzümimizde 100-den gowrak adam işleýär we olaryň ählisi öz işiniň ussatlarydyr. Ýerli we halkara bazarlar üçin önüm çykarmak bilen, onuň ýokary hilini saklamagyň we zerur mukdarda haryt bilen üpjün etmegiň nähili möhümdigine düşünýäris. Şonuň üçin toparymyz önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga, täze halkara bazarlaryna girmäge we ýerli kärhanalar bilen täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlarymyz

Spanbond önümçiligi üçin biziň çig mal üpjün edijilerimiz Giýanlydaky polimer zawody we Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bolup durýar. Ýerli öndürijilerden çig mal almaklyk uly ykdysady artykmaçlykdyr.
Hyzmatdaşlarymyzyň arasynda ýerli kompaniýalar: "Abadan Haly" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti; "Lukmançylyk enjamlary" Önümçilik Assosiasiýasy; "Ak bulut" hojalyk jemgyýeti; "Boý bodron" hususy kärhanasy, şeýle hem halkara kompaniýalar: "Magnetic Limited" Dubaý, ООО «Мидпоинт», ООО «Стройрезерв» Russiýa Federasiýasy, "KUBRO TEKSTIL SANOAT" LLC Özbegistan we ş.m.